Sepleriň elýeterliligi

S.Nyýazowyň ýatlama güni bellenýär


Türkmen lideri isleýänleri ozalky prezident S.Nyýazowyň mazaryna zyýarat etmäge çagyrdy.

Prezident G.Berdimuhamedow 20-nji dekabrda geçiren hökümet maslahatynda 21-nji dekabrda ýurtda Türkmenistanyň ilkinji perzidenti S.Nyýazowyň ýatlama gününiň bellenip geçilýändigini aýtdy diýip, TDH ýazýar.

"Türkmenistanyň ilkinji prezidentiniň bitiren beýik hyzmatlary halkymyzyň hakydasynda hem ebedi galar. Ine, şoňa görä-de, bu ajaýyp ynsanyň ýagty ýadygärligini hatyralamak, onuň kümmetine zyýarat etmek isleýänleriň ählisi ertir Gypjaga baryp hem zyýarat edip bilerler" diýip, prezident Berdimuhamedow aýtdy.
XS
SM
MD
LG