Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hodorkowskiý metbugat ýygnagyny geçirer


Germaniýa, Liberal Azat Demokratik partiýanyň wekili Hans-Dietriç Gensçer (S) Berlin aeroportunda M.Hodorkowskinini garşy alýar. 20-nji dekabr, 2013.
Germaniýa, Liberal Azat Demokratik partiýanyň wekili Hans-Dietriç Gensçer (S) Berlin aeroportunda M.Hodorkowskinini garşy alýar. 20-nji dekabr, 2013.
Orsýetiň ozalky nebit tütjary, türmeden azat edilen Mihail Hodorkowskiý ýekşenbe güni öýlän Berlinde metbugat ýygnagyny geçirip, öz geljekki planlary barada maglumat berer.

Habar gulluklary Hodorkowskiniň sözçüsine salgylanyp, onuň bu habary şenbe güni aýdandygyny ýazýarlar. Bu metbugat ýygnagynyň anyk nirede geçiriljegi bada-bat tassyk edilmedi.

Germaniýanyň metbugat habarlarynda Hodorkowskiniň şenbe güni irden Berlinde ogly Pawel bilen duşuşandygy, onuň Nýu-Ýorkdan gelendigi habar berildi.

Şeýle-de Hodorkowskiniň Berlinde öz ene-atasy bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Hodorkowskiniň Orsýetde anna güni türmeden boşadylyp, şol günüň özünde hem Berline gitmegi, onuň ýurdy şeýle çalt terk etmegi hem-de azat edilmeginiň arkasynda ýatan sebäpler, geljekde nähili planlarynyň bolup biljegi barada dürli pikirleriň ýüze çykmagyna getirdi.

Hodorkowskiniň azat edilen badyna Germaniýa uçmagy moskwaly ýaşaýjylaryň arasynda hem garyşyk pikirleri döretdi.

Mysal üçin, moskwaly Gennadiý Kuznesow «Roýterse» şeýle diýdi:

"Başgaça pikir etmek kyn, ol öz şahsy durmuşynyň, maşgalasynyň jemgyýetçilik durmuşyna garanda has möhümdigine göz ýetirdi, ýogsam bolamas ýene bir 10 ýyl türmede oturyp bilerdi. Onsoň ol nähili adam bolýar?"

Başga bir moskwaly, özüni diňe Dmitriý diýip tanadan adam bolsa, özüniň Hodorkowskiniň daşary ýurtdan yzyna dolanyp geljek şübhelenýändigini aýtdy:

"Ol başga nirä gitsin? Orsýetde indi oňa orun ýok. Oňa bu ýerde adam ýaly ýaşamak mümkinçiligi berilmez. Onuň başga edip biljek zady ýokdy."

Oppozisiýa reaksiýa bildirýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:22 0:00

Hodorkowskiý Kremliň tanymal tankytçysydy, ol salgytdan gaçmak we jemgyýetçilik emlägini ele geçirmek aýyplamalarynda günäli tapylyp, on ýyldan gowrak türmede oturdy. Kremliň tankytçylary oňa ýüklenen günäleriň syýasy sebäpleriniň bolandygyny aýdýarlar.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri anna güni Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň Hodorkowskiniň günäsini geçmegini we ony türmeden boşatmagyny gutlady, Kreml bu işiň ynsanperwerçilik esaslarynda edilendigini aýtdy.

Putiniň sözçüsi Dmitriý Peskow anna güni giçlik Hodorkowskiý Orsýete dolanyp gelmek meselesinde erkin diýdi.
XS
SM
MD
LG