Sepleriň elýeterliligi

Bankirlere berlen käýinç nämäni aňladýar?


Aşgabatdaky "Halkbankyň" binasy.

Aşgabatdaky "Halkbankyň" binasy.

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen maslahatynda prezident G.Berdimuhamedow ýurdyň döwlet eýeçiligindäki banklarynyň ýolbaşçylaryny tankyt etdi.

Bu tankyt netijesinde, perzidentiň karary bilen, wezipe-borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Merkezi bankyň başlygy T. Japarowdan başlap, «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň, Döwlet daşary ykdysady işler bankynyň, «Prezidentbankyň», «Senagat» paýdarlar-täjirçilik bankynyň, «Garagum» bankynyň, «Halkbankyň», «Daýhanbankyň», «Türkmenbaşy» bankynyň ýolbaşçylaryna berk käýinç berildi.

Ýerli synçy Nurberdi Nurmämmedow Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde bu käýinçleriň ýerliklidigini aýtdy.

Ýerli synçy bilen söhbetdeşligi diňläp, bu mesele barada öz pikirleriňizi, tejribeleriňizi paýlaşsaňyz, hoşal bolarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG