Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjan DESFA şertnama baglaşdy


Gresiýanyň hususylaşdyryş gullugy Azerbaýjanyň döwlet eýeçiligindäki SOCAR gaz operatorynyň grek gaz paýlaýjysy DESFA-nyň 66 prosentini satyn almak baradaky şertnamanyň işlerini tamamlandygyny aýdýar.

Bu söwda Gresiýanyň döwlet eýeçiligindäki serişdeleri satmak programmasynyň bir bölegi bolup, Ýewropa Bileleşigi bilen Halkara pul fondunyň halas ediş obligasiýalaryndan uç alýar.

Bu şertnama Gresiýanyň energiýa ministri Ýannis Maniatisiň we SOCAR-yň prezidenti Rownag Abdullawiň gatnaşmagynda gol çekildi.

Hususylaşdyryş gullugy SOCAR-yň DESFA üçin 400 million ýewro ($546 million) tölejegini aýtdy. Bu kompaniýa Gresiýanyň gaz geçiriş sistemasyny işledýär.
XS
SM
MD
LG