Sepleriň elýeterliligi

NATO we Owganystan gepleşiklere başlady


NATO bilen Owganystan geljek ýyldan soň ýurtda galmagy teklip edilýän harby güýçler baradaky gepleşiklere başlady.

NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen şenbe güni ýaýradylan beýanatda NATO-nyň uly raýat wekili Maurits Joçems bilen Owganystanyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Rangin Spantanyň arasynda gepleşikleriň başlanandygyny aýtdy.

Emma Rasmussen Kabul Birleşen Ştatlar bilen aýratyn howpsuzlyk şertnamasyna gol çekmese, NATO bilen Owganystan arasynda şertnama baglaşylmajagyny nygtady.
XS
SM
MD
LG