Sepleriň elýeterliligi

Eýran: gepleşikler haýal barýar


Eýranyň bir gepleşikçisi Eýran bilen dünýä güýçleriniň arasynda Tähranyň ýadro programmasy barada baglaşylan geçiş ylalaşygynyň nähili amal edilmelidigi baradaky tehniki gepleşikleriň haýal barýandygyny aýtdy.

Daşary işler ministriniň orunbasary Abbas Arakçi yslam respublikasynyň habar gullugyna Ženewadaky gepleşikleriň ýekşenbe güni dowam etmegine garaşylýandygyny aýtdy.

Arakçi penşenbe güni başlanan gepleşiklere gatnaşmaýar. 24-nji noýabrda yglan edilen ylalaşyga görä, Eýran öz ýadro programmasynyň käbir böleklerini azyndan alty aý jylawlamaga razy boldy. Muňa derek Eýranyň garşysyna girizilen Günbatar sanksiýalary bölekleýin ýatyrylmaly edildi.
XS
SM
MD
LG