Sepleriň elýeterliligi

Baýram Abdyllaýew aradan çykdy


Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Baýram Abdyllaýew 20-nji dekabrda, 78 ýaşynda aradan çykdy.

Baýram Abdyllaýew tanymal kinorejissýordy, kinossenariçidi. Onuň «Ýandym» filmi Germaniýada, Lokarno (Italiýa) kinofestiwalynda, beýleki ýurtlarda hem tomaşaçylara görkezilipdi.

Ýerli synçylaryň pikirine görä, ol esasan dokumental kinoçy hökmünde giňden tanaldy we sowet propagandasy tarapyndan "dönükler" hökmünde tagmalanan doganlar Kürräýewler hakyndaky dokumental filmi jemgyýetçilik tarapyndan gowy garşylanypdy.

Baýram Abdyllaýew Medeniýet institunda köp ýyl studentlere sapak berdi.

Baýram Abdyllaýew 21–nji dekabrda, Kakada topraga berildi.
XS
SM
MD
LG