Sepleriň elýeterliligi

Obama Günorta Sudana duýduryş berýär


Birleşen Ştatlaryň harby uçarlary Merkezi Afrika ýurdundaky konflikt zonasynda galan amerikanlary ewakuasiýa etmek missiýasyny ýerine ýetirýän wagty oka tutulyp, dört amerikan esgeri ýaralanandan soň, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Günorta Sudana duýduryş berdi.

Prezident Obamanyň beýanatynda «Günorta sudanly fraksiýalaryň häkimiýeti güýç bilen almak babatdaky islendik hereketi Birleşen Ştatlaryň we halkara jemgyýetçiliginiň ýurda goldaw bermegine getirer» diýilýär.

Beýanat günorta sudanlylary paýtagt Jubada we Borda amerikanlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek tagallalaryna goldaw bermäge çagyrdy.

Birleşen Ştatlaryň harbylary üç sany «Osprey» uçarynyň Bordaky amerikanlary ewakuasiýa etmäge gidende oka tutulandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG