Sepleriň elýeterliligi

Hodorkowskiý syýasata girmejegini aýdýar


Orsýetiň ozalky nebit tütjary Mihail Hodorkowskiý ýekşenbe güni çap edilen interwýuda özüniň syýasata goşulmajagyny we ozalky nebit kompaniýasyna, «Ýukosa» degişli serişdeleri yzyna almaga çalyşmajagyny aýtdy.

Hodorkowskiý Orsýetiň "New Times" žurnalyna beren interwýusynda özüniň türmeden boşadylmagynyň hiç bir şert bilen berkidilmändigini, emma Orsýetiň prezidenti W.Putine ýazan hatynda syýasata goşulmak we serişdeler üstünde söweşmek niýetiniň ýokdugyny aýdandygyny belledi.

Hodorkowskiý Germaniýada öz maşgala agzalary bilen birleşdi.

Ol anna güni günä geçiş esasynda türmeden boşadyldy. Hodorkowskiý salgytdan gaçmakda we jemgyýetçilik emlägini ele geçirmekde aýyplanyp, on ýyl gowrak türmede oturdy. Onuň tarapdarlary bu aýyplamalaryň syýasy sebäpleriniň bardygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG