Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: Alýohina azatlyga goýberildi


Duşenbe güni amnistiýanyň esasynda tussaglykdan boşadylan“Pussy Riot” toparynyň agzasy Mariýa Alýohina eger başarsam Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň günä geçişligini ret ederdim diýdi.

Alýohina Nižniý Nowgoroddaky türmeden azatlyga goýberilenden soň, “Dožd” atly telekanala beren maglumatynda tussaghanany terk etmekligiň ýa-da ol ýerde galmaklygyň özüne bagly däldigini aýtdy. Şeýle-de, ol amnistiýany “köpçülik üçin niýetlenen hilegärlik” diýip atlandyrdy.

Geçen hepde Russiýanyň Döwlet Dumasy amnistiýanyň kabul edilmegi üçin biragyzdan ses beripdi. Bu Alýohinanyň we “Pussy Riot” toparynyň beýleki agzasy Nadežda Tolokonnikowanyň amnistiýa düşmegine mümkinçilik berdi. Ýöne Tolokonnikowa heniz tussaglykdan goýberilmedi.

“Pussy Riot” toparynyň agzalary Alýohina we Tolokonnikowa prezident Wladimir Putiniň 2012-nji ýylda gaýtadan saýlanmagyny goldan prawoslaw ruhanysyny protest etmek üçin geçen ýyl Moskwanyň Prawoslow ybadathanasynda aýdym aýdanlaryndan soň iki ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdiler.
XS
SM
MD
LG