Sepleriň elýeterliligi

Sudan: ABŞ goşmaça çäreler görüp biler


Prezident Barak Obama Günorta Sudandaky amerikalylary goramak üçin goşmaça harby çäreleriň zerur bolmagynyň ahmaldygy barada duýduryş berdi. Günorta Sudanda raýat urşy baradaky aladalar barha artýar.

Obama Kongrese ugradan hatynda Günorta Sudandan amerikalylaryň ewakuasiýa edilmegine kömek etmek üçin 46 sany harbynyň ugradylandygyny aýtdy. Şeýle-de, Günorta Sudanyň paýtagty Jubadaky Amerikanyň ilçihanasynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin başga-da 45 sany harby ýerleşdirildi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamenti Merkezi Afrika ýurdundaky uruş zonasyndan ABŞ-nyň 680 sany amerikalyny we beýleki daşary ýurt raýatlaryny ewakuasiýa edendigini habar berýär.

ABŞ-nyň harbylarynyň beren maglumatynda ewakuasiýa missiýasy döwründe dört amerikaly esgeriň ýaralanandygy mälim edildi.

Geçen hepdäniň dowamynda Günorta Sudanda bolan ýowuzlyklarda azyndan 500 sany adamyň ölendigi habar berilýär. Günorta Sudan 2011-nji ýylda garaşsyzlygyna eýe bolupdy.
XS
SM
MD
LG