Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: NATO-nyň esgeri öldürildi


NATO özüniň hyzmat ediş pudagyndaky agzalaryndan biriniň Owganystanyň gündogaryndaky hüjümlerde öldürilendigini habar berýär.

Duşenbe günki beýanatda koalisiýa esgeriň duşman güýçleri tarapyndan göni oka tutulandan soň ölendigini aýdýar.

NATO bu waka we onda heläk bolan esgeriň şahsyýeti barada goşmaça maglumat bermedi.

Duşenbe güni bolan bu wakanyň netijesinde şu aýyň dowamynda ölen koalisiýanyň agzalarynyň sany sekize ýetdi.

Geçen hepde Owganystanyň günortasyndaky Zabul welaýatynda amerikan dikuçary harby missiýany amala aşyrýarka, uçaryň heläkçilige uçramagy netijesinde Amerikanyň alty esgeri heläk bolupdy.
XS
SM
MD
LG