Sepleriň elýeterliligi

Durmuşda öz bagtyňyzy hem geljegiňizi "il näme diýer" diýen yrymdan ugur alyp kesgitleýäňizmi? Durmuşyňyzda öz islegiňize görä däl-de "il näme diýer" diýen garaýyşa görä aýgytlaýyjy karar alan wagtyňyz boldumy?

Azatlyk Radiosy Dünýä Türkmenleri atly hepdelik dowamly gepleşiginiň nobatdaky sanynda jemgyýetde "il näme diýer" diýen düşünjäniň we käbir yrymlaryň türkmenleriň durmuş ykballaryna ýetirýän täsirleri hakynda pikir alyşyk geçirýär.

Eger siz hem şeýle ýagdaýa duçar bolan bolsaňyz, öz arzuw-islegleriňize däl-de "il näme diýer" diýen düşünjä ýa-da başga adamlaryň göwni üçin biygtyýar ykbalyňyzy üýtgetmeli bolan bolsaňyz we şeýle ýagdaýy başdan geçirenler hakynda hem gören-eşidenleriňiz bar bolsa öz pikirdir-garaýyşlarňyzy şu ýerde Dünýä Türkmenleri bilen paýlaşmagyňyzy haýyş edýäris.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG