Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Ýaşaýjylar armiýany aýyplaýar


Pakistanyň Demirgazyk Waziristan tire-taýpa regionynyň ýaşaýjylary harbylary söweşijilere garşy gurnalýan hüjümler döwri onlarça parahat ilaty öldürmekde aýypladylar.

Ýerlileriň aýtmagyna görä, geçen hepde ýurduň armiýasy operasiýalary başladany bäri sebitde 50-den gowrak adam ölüpdir.

Pakistanyň harbylary kanunyň hereket etmeýän sebitinde köçä çykmak gadagançylygy girizdiler. Ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, ençeme günläp dowam eden ok atyşykdan we reýdlerden soň adamlaryň köpüsi öýlerini terk edipdirler.

Pakistanyň Demirgazyk Waziristan sebiti Owganystan bilen araçäkleşip, onda Pakistanyň “Talyban” hereketi we “Al-Kaýda” bilen ilteşikli beýleki söweşijiler agdyklyk edýär.

Söweşijiler Demirgazyk Waziristandaky Mir Ali harby barlag-gözegçilik nokadyny bombalandan soň, ýurduň armiýasy 18-nji dekabrda hüjümlere başlady. Pakistanyň resmileri çaknyşyklarda onlarça söweşijiniň öldürilendigini habar berýärler.
XS
SM
MD
LG