Sepleriň elýeterliligi

Abadan: "Elektrik togy ýanyp-sönüp durýar"


Türkmenistanda elektrik toguny öndürýän stansiýalaryň biri.

Türkmenistanda elektrik toguny öndürýän stansiýalaryň biri.

Türkmen metbugatynda ýurtda elektrik energiýanyň, gazyň, suwuň mugtdygy ýygy-ýygydan bellenilip geçilýär. Ýurtda gürrüňi edilýän bu serişdeleriň mugtdygy aýdylsa-da, olaryň üpjünçiligi bilen baglanyşykly ýurduň dürli sebitlerinde ilatyň belli bir derejede kynçylyk çekýändigi barada Azatlyk Radiosyna wagtal-wagtal habarlar gelip gowuşýar.

Şol sebitlerden biri hem Mary welaýatydyr. Bu welaýatda Türkmenistanda öndürilýän elektrik togunyň esasy böleginiň çykarylýandygyna garamazdan, sebitde elektrik togunyň kadaly berilmeýändigi, onuň ýanyp-sönüp durýandygy aýdylýar.

Bu mesele bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açilowa Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Gyzylgum daýhan birleşiginden özüni Abadan diýip tanyşdyran ýaşaýjysy bilen söhbetdeş boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG