Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Elektrik ölçeýji talap edilýär


Döwletenergogözegçilik edarasynyň satýan elektrik hasaplaýjysy.
Döwletenergogözegçilik edarasynyň satýan elektrik hasaplaýjysy.
Geçen hepdäniň başynda Döwletenergogözegçilik edarasynyň işgärleri öýme-öý aýlanyp, elektrik hasaplaýjy enjamlaryň täzelenmelidigini habar berdiler. Öýme-öý aýlanýan resmiler berlen tabşyryk 1-nji ýanwara çenli berjaý edilmedik halatynda, işiň kazyýete tabşyryljagyny duýdurýarlar.
Paýtagtlylara paýlanan duýduryş
Paýtagtlylara paýlanan duýduryş
Şol bir wagtyň özünde-de agzalýan resmiler elektrik hasaplaýjy enjamlaryň käbirlerini ulanyp bolýandygyny, ýöne munuň üçin Döwletenergogözegçilik edarasynda olary barlatmalydygyny aýdyp, bu ugurdan paýtagtlylaryň Aşgabadyň Kramskoý bulwarynyň 4-nji jaýynda ýerleşýän abonent toparyna ýüz tutmalydygyny bildirýärler.

Paýlanan duýduryşyň arka ýüzi
Paýlanan duýduryşyň arka ýüzi
Çykyş

Bu çäräniň sebäbi barada agzalýan edaranyň resmileri doly maglumat bermeýärler. Emma bu, umuman, garaşylmadyk ýagdaý däldi, şonuň ýaly bir meseläniň ýakyn wagtlarda ýüze çykjakdygy şu ýyl Daşoguzda geçirilen halk maslahatynda edilen çykyşlaryň birinden hem bellidi.

Özüni Hezretguly Öwliýägulýew diýip tanadan bir ýaşuly prezidente ýüzlenip, şol maslahatda eden çykyşynda, mugt diýilýän serişdelerden bisarpa peýdalanylýandygyny aýdyp, bu barada degişli çäräniň görülmegini talap edip, şeýle diýipdi: ”Hormatly prezidentimiz, siz ýurdumyzyň her bir raýatyna, her bir adama hormat goýup, halkym gowy ýaşasyn diýip, dünýäniň hiç bir ýurdunda duş gelmeýän eşreti: gazy, suwy, togy duzy, benzini halkymyza mugt berýärsiňiz. Ýöne, gynansak-da, döwletimiziň bu sahawatyny jogapkärçiliksiz, bisarpa peýdalanýanlaryň hem bardygyny şu ýerde aýtmalydyrys. Häzirki döwürde ýurdumyzda her öýde elektrik toguny ölçeýän gurallar bar. Emma näme üçindir gaza we suwa gezek gelende welin, onuň hasabyny ýöredýän ýok”.

Bu ýaşulynyň çykyşy bilen paýtagtda resmileriň öýme-öý aýlanyp berýän duyduryşlarynyň arasynda takyk baglanşygyň bardygyny aýtmak kyn, emma munuň ýaly aladanyň edil täze ýylyň öňüsyrasyna gabat gelmegi halk üçin garaşylmadyk ýagdaý.

Döwletenergogözegçilik edarasy
Döwletenergogözegçilik edarasy
Netijede şu günler Aşgabadyň Kramskoý bulwarynyň 4-nji jaýynda ýerleşýän Döwletenergogözegçilik edarasynyň Aşgabat bölüminiň abonent toparynyň bir gatly jaýynda uzyn nobatlar emele geldi. Nobata duranlar, esasanam, berlen möhletiň azlygyndan nägile.

“Öň munuň ýaly nobatlar bolmaýardy. Iň bolmanda 2-3 aý öňünden aýdan bolsalaram bolardy” diýip, nobatda duran we özüni Geldi diýip tanadan 40 ýaşlaryndaky paýtagtly Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Soňky möhlet

Şol bir wagtyň özünde-de bu tabşyrygy berjaý etmegiň möhletiniň ýanwar aýynyň soňuna çenli uzaldylyp bilinjekdigi barada hem dil üsti maglumat berýän resmilere duş gelmek mümkin, ýöne bu barada halk köpçüligine resmi taýdan hiç hili maglumat berilmedi.

Döwletenergogözegçilik edarasyndaky nobatlar
Döwletenergogözegçilik edarasyndaky nobatlar
Müşderileriniň sanynyň köpelmegi Döwletenergogözegçilik edarasynyň Aşgabat bölüminiň iş wagtyna hem öz täsirini ýetiripdir. Edara 8.00-dan tä 18.00-a çenli işleýär. Agzalýan edara adaty günlerde irden sagat 08.00-dan 10.00-a çenli müşderileri kabul edýärdi. Emma häzirki uzaldylan iş wagty hem talaby ödärden ejiz.

Bu işiň maddy ýitgisi hem bar. Öň ulanyp ýören elektrik hasaplaýjy enjamlaryňy barlatmak üçin 20 manat tölemeli. Talabalaýyk elektrik hasaplaýjylary bolmadyk müşderiler bolsa täze enjamy satyn almaly bolýarlar, onuň bahasy 90 manat töweregi.

Bu ýagdaý ady agzalýan enjama bolan talaby hem ençeme esse artdyrdy. Özüni Aman diýip tanadan Jennet bazaryndaky bir satyjynyň aýtmagyna görä, onuň dükanyndaky enjamlaryň barysy duyduryşdan soňky ilkinji günlerde satylyp gutarypdyr.

Amanyň töwereginde ýerleşýän beýleki dükanlarda hem agzalýan enjam galmandyr. Şol bir wagtyň özünde-de ony Döwletenergogözegçilik edarasyndan satyn alsa bolýar. Enjamyň döwlet edarasynda satylýan nyrhy hem bazar nyrhyndan o diýen tapawutly däl. Emma bu ýagdaý şol bir wagtyň özünde bu başgaýlygyň käbir adamlaryň bähbidi üçin döredilendigi barada pikirleriň orta atylmagyna hem sebäp bolýar.

“Bu edara öňem elektrik hasaplaýjylary satýardy. Ýöne hiç mahal häzirki ýaly söwdasy bolandyr öýdemok” diýip, bu edaranyň müşderisi Alty gürrüň berýär.

Bu tabşyrygy berjaý etmezlik administratiw hukuk bozma hasaplanýar. Administratiw hukuk bozmanyň jezasy bolsa, 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýän “Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksiniň 189-njy maddasyna laýyklykda, 200-den 500 manada çenlidir.

XS
SM
MD
LG