Sepleriň elýeterliligi

"Pussy Riot": Tolokonnikowa we Alýohina azat edildi


Nadežda Tolokonnikowa (çepde) we Mariýa Alýohina. 23-nji dekabr, 2013 ý.

Nadežda Tolokonnikowa (çepde) we Mariýa Alýohina. 23-nji dekabr, 2013 ý.

Russiýada “Pussy Riot” pank toparynyň tussaglykdaky agzalary Nadežda Tolokonnikowa we Mariýa Alýohina geçen hepde kaubl edilen amnistiýanyň çäginde azatlyga çykdylar.

Tolokonnikowa duşenbe güni Russiýanyň Krasnoýarsk şäherindäki türme hassahanasyndan azatlyga goýberildi. Mundan birnäçe sagat ozal “Pussy Riot” toparynyň tussaglykdaky beýleki agzasy Mariýa Alýohina Nižniý Nowgorodyň türmesinden çykdy.

Boýkot

Žurnalistlere beren interwýusynda Tolkonnikowa Russiýadaky adam hukuklarynyň bozulmalaryna ünsi çekmek üçin Soçide geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlaryny boýkot etmäge çagyrdy.

Tolokonnikowa şeýle diýdi: “Häzirki bolup geçýän zatlar gözboýagçylyga çalym edýär. Adamlar tussaglyk möhletiniň tamamlanmagyna [bary-ýogy] birnäçe aý galanda azat edilýärler. Mihail Hodorkowskiý hem berlen tussaglyk möhletiniň tamamlanmagyna birnäçe aý galanda azat edildi. Bularyň ählisi gülkünç. Bu amnistiýa has giň gerimde amala aşyrylmaly. Ýewropa ýurtlary özleriniň Soçidäki Olimpiýa oýunlary baradaky kararyna täzeden seredip bilerdiler. Emma häzir men, hakykatyň hatyrasyna, [bu Olimpiadany] boýkot etmäge çagyrýaryn. Biziň öz mertebämizi Russiýanyň nebitine we gazyna satmazlygymyza çagyrýaryn. Men Ýewropanyň öňe sürýän adamkärçilik standartlaryna, medeniýetine we kadalaryna laýyk bolmaga çagyrýaryn. Şeýdibem adamkärçilik dabaralanar”.


Tolokonnikowa tussaglaryň adam hukuklary ugrunda göreşmegi dowam etdirjekdigini belläp, Russiýany bir türmä deňedi: “ Men has taplandym. Men bu ýurdy özeninden öwrendim. Men kiçi totalitar ulgamy içinden gördüm. Russiýa, dogrudan-da, bir türmäniň nusgasy esasynda gurlupdyr. Onsoň Russiýany özgertmek üçin, ilki bilen türmeleri düzeltmeli. Tussaghanalar we türmeler ýurduň ýüzüdir”.

Duşenbe güni Alýohina özüniň azat edilmegini hökümetiň “jegmyýetçiligiň gözüne çöp atmak” kampaniýasynyň bir bölegi diýip atlandyrdy.

Alýohina: “Eger-de mende bu merhemeti ulanmazlyga sähelçe mümkinçilik bolan bolsady, men ony peýdalanmazdym. Emma tussaghana berlen görkezme eýýäm ýerine ýetirilipdi. Netijede men eýýäm türmeden çykarylan bir adam boldum. Hiç zat maňa bagly däldi. Eger-de amnistiýany ret edip bilen bolsadym, men ondan ýüz öwrerdim”.

Geçen hepde Russiýanyň Döwlet Dumasy Alýohinanyň we Tolokonnikowanyň azat edilmegine mümkinçilik beren amnistiýany kabul edipdi.

Alýohina, Tolokonnikowa we “Pussy Riot” toparynyň beýleki agzasy Ýekaterina Samutsewiç 2012-nji ýylyň martynda tussag edilipdiler. Olar Moskwanyň prawoslaw ybadathanalarynyň birinde Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine garşy kinaýaly aýdymy ýerine ýetiripdiler.

Alýohina we Tolokonnikowa dini ýigrenje esaslanýan huligançylykda aýyplanyp, iki ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdiler. Samutsewiç hem günäli tapylyp, şertli ýagdaýda iki ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

”Pussi Riot” toparynyň garşysyna çykarylan jeza beriji hökümler günbatar döwletleri we adam hukuklaryny goraýyjy halkara guramalar tarapyndan ýazgarylypdy.
XS
SM
MD
LG