Sepleriň elýeterliligi

“Musulman doganlaryna” terrorçy diýildi


Müsüriň premýer-ministri “Musulman doganlary” guramasyny “terrorçy” topar diýip atlandyrdy. Bu barada Müsüriň döwlet mediasy habar berdi.

Premýer-ministr Haşem Beblawiniň metbugat wekiliniň sişenbe güni eden bu çykyşynyň öňüsyrasynda Kairden demirgazyk tarapda ýerleşýän Mansoura şäheriniň polisiýa bölüminiň öňünde awto ulaga salynan bomba partladylypdy.

Bina zeper ýetiren bu partlamada azyndan 14 adam wepat bolupdyr we 100 çemesi adam ýaralanypdyr.

Şol bir wagtda-da “Musulman doganlary” guramasy sişenbe günki bu partlamany “berk ýazgaryp” çykyş etdi.

Premýer-ministriň metbugat wekili bolsa partlamalarda “Musulman doganlary” guramasyny aýyplady. Partlamadan bir gün öň Ansar Beit al-Makdis guramasy harbylaryň goldawyna daýanýan Müsüriň dünýewi wagtlaýyn hökümetine gulluk edýän howpsuzlyk güýçlerini “dinden çykan” diýip atlandyrypdy.

Bu topar yslamçy prezident Muhammad Morsiniň häkimiýet başyndan çetleşdirilmeginden soň ýurtda howpsuzlyk güýçlerine edilen köp hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne alypdy.
XS
SM
MD
LG