Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Snowden: Missiýam eýýäm tamamlandy


ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk agentliginiň (NSA) öňki geňeşçisi Edward Snowden öz “missiýasynyň eýýäm tamamlanandygyny” aýtdy. Snowden ABŞ-nyň gizlin syýasatyna gaýtadan garalmagyny gazanandygyny belledi.

Snowden duşenbe güni "The Washington Post" gazetiniň websaýtynda çap edilen ýörite interwýusynda agentligiň syrlaryny paş edip, amerikan halkynyň “özüniň nädip dolandyrylýandygyna” göz ýetirmegi üçin mümkinçilik döredendigini belledi.

Snowden bu interwýusyny Moskwada oturan ýerinden berdi. Şu ýylyň awgust aýynda Orsýet öňa wagtlaýyn baş pena beripdi.

Snowden Moskwada özüniň “asketik” sada ýaşaýandygyny, esasan aş we çipsy ýaly ýönekeý azyklar bilen iýmitlenýändigini gürrüň berdi we öz wagtynyň esasy bölegini internetde geçirýändigini aýtdy. “Orsýetiň hökümeti bilen hiç hili gatnaşygym ýok”, diýip Edward Snowden Orsýetiň hökümeti bilen hiç hili ylalaşyk baglaşmandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG