Sepleriň elýeterliligi

Tolokonnikowa we Alýohina duşuşdylar


Ýaňy-ýakynda tussaglykdan boşadylan “Pussy Riot” art toparynyň agzalary Nadežda Tolokonnikowa we Mariýa Alýohina Krasnoýarsk şäheriniň aeroportunda duşuşup geljekki planlaryny maslahat etdiler.

Ýaş zenanlaryň bu duşuşygy olaryň amnistiýa edilmeginiň ertesi sişenbe güni boldy. Olar 2012-nji ýylyň fewral aýynda Moskwanyň baş ybadathanasynda pank aýdymyny aýtmagy sebäpli huliganlykda günälenip, iki ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Tolokonnikowanyň adamsy Petr Werzilow zenanlaryň 26-njy dekabrda Moskwa uçyp, 27-nji dekabrda metbugat-konferensiýasyny geçirmegi planlaşdyrýandygyny habar berdi.

Nadežda Tolokonnikowanyň tussaglykdan boşadylmagynyň yzýany žurnalistlere aýtmagyna görä, ol Orsýetiň türme tussaglarynyň hukuklaryny goramagy planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG