Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek dissidentleri Karimowanyň öýünde ornaşdylar


Özbek dissidentleriniň topary Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimowyň gyzy Gülnaranyň Şweýsariýadaky öýünde ornaşdylar. Dissidentleriň biri Safar Bekjon özüniň ýene dört sany adam bilen bilelikde düşenbe gününden bäri Gülnara Karimowanyň Ženewadaky öýünde bolýandygyny habar berdi.

Bekjon AÝ/AR-nyň özbek gullugy bilen söhbetdeşlikde öz hereketi bilen Karimowanyň öýüne näçe puluň sarp edilendigine ünsi çekmek isleýändigini aýtdy.

Şweýsariýanyň metbugatyna görä, Karimowa bu jaýy 2009-njy ýylda 18 million dollara satyn alypdyr.

Bekjon polisiýanyň duşenbe güni okkupirlenen jaýa baryp gaýdandygyny, emma jaýyň içinde oturan dissidentleri kowmandygyny habar berdi. Bekjon Sweýsariýanyň kanunlaryna görä, olaryň diňe suduň karary bilen jaýdan çykarylyp bilýändigini aýtdy. Bekjon Karimowanyň jaýynda özleriniň näçe wagtlap galmagy planlaşdyrýandygy barada habar bermedi.

Dissidentler jaýyň daşynda “Bu jaý özbek diktatory Karimowyň gyzynyňky” diýen ýazgyly banneri ýerleşdirdiler.
XS
SM
MD
LG