Sepleriň elýeterliligi

2013-nji ýyl Orsýetdäki migrantlar üçin agyr geçdi


Russiýadaky işçi migrantlar

Russiýadaky işçi migrantlar

Orsýetdäki migrant işçiler üçin häzire çenli ýeňil geçen ýyl bolmandy. Ýöne 2013-nji ýyl olar üçin öňkülerdenem has agyr we kynçylykly boldy.

Orsýetiň durnuksyz ykdysadyýeti, jenaýatlaryň köpelmegi bilen bagly aladalar we milletçiligiň bu ýyl has hem ýaýbaňlanmagy “migrant işçiler” meselesini Orsýetde garalmaly iň esasy syýasy meseleleriň hataryna goşdy. Orta Aziýadan we Kawkazdan Orsýete gelen işçi migrantlary ýurtdan köpçülikleýin deportasiýa etmek çagyryşlary ýylyň dowamynda yzygiderli ýaňlandy durdy. Agzalýan regionlardan Orsýete gelen migrantlardan “wiza talap etmeli” diýlip, bu ugurdan dürli kampaniýalar geçirildi.

"Günäkärlemäge adam"

Ýeri gelende aýtsak, migrantlara garşy ýüreginde duşmançylyk besleýän orsýetlileriň döreden galagoply ýagdaýlary dartgynly wakalaryň gopmagyna getirdi. Orsýetli bir adamyň pyçaklanyp öldürilmeginden soň, ýagny oktýabr aýynda Orsýetiň günortasynda ýerleşýän regionda köpçülikleýin gozgalaňlar turdy. Jenaýaty Orsýete iş gözläp gelen Azarbeýjan raýatyndan gördüler.

Nýu-Ýork uniwersitetiniň professory Mark Galeotti bu mesele boýunça şeýle gürrüň berýär: “Gürrüňsiz, hemme ýerde wagtal-wagtal ykdysady kynçylyklar bolýar we şol kynçylykly döwürlerde adamlar günäkärlemäge adam gözleýärler. Şeýlelikde täsin bir ýagdaý emele gelýär: bir tarapdan-a, arzan migrantlar örän peýdaly, ýöne, beýleki bir tarapdan, iň köp göwünlerine degilýänem ýene şolar bolup çykýar”.


“Lewada” merkeziniň noýabr aýynda geçiren pikir soralyşygynda Orsýetiň halkynyň 65 göterimi öz ýurdunda migrantlaryň sanynyň az bolmagyny isleýär. Halkyň 73 göterimi bikanun ýaşaýan migrantlaryň deportasiýa edilmeginiň tarapdary.

Resmi we oppozision syýasatçylar şeýle duýgulara meçew berýän adamlar bilen bir perdeden gopýarlar. Korruspiýa garşy göreşiji blogger we oppozisioner Aleksandr Nawalnyý “liberal milletparazlyk” düşünjesini goldamaga synanyşýar.

Orsýetde “migrant işçiler” meselesi iň bir gaýragoýulmasyz mesele bolsa-da, bu ugurda aňrybaş çaprazlyklar bar we agzalýan meseleler bu ýakynda çözüljege meňzänok.

Bir tarapdan, häkimiýetler daşary ýurtly migrant işçileriň agyr zähmeti talap edýän işleri ýerine ýetirmekde Orsýetde esasy boşlugy doldurýandyklaryny aýdýarlar. Ýöne, beýleki bir tarapdan bolsa, “migarantlara garşy duşmançylyk” duýgulary, migrantlaryň ýaşaýyş we iş şertleriniň oňaýsyzlygy we arzan işçi güýjüne bil baglaýan durnuksyz ykdysadyýet bu meseläni has çylşyrymlaşdyrýar.

Syýasat

Takmynan iki ýyl mundan ozal, has takygy 2012-nji ýylyň ýanwar aýynda eden çykyşynda prezident Wladimir Putin, daşary ýurtly migrant işçiler barada has “döwrebap syýasat alyp barmaly” diýdi we olaryň kanuny esasda hasaba alynmagy barada tabşyryklary berdi. Şeýle etmek bilen olaryň ekspluatasiýa edilmeginiň we migrantlar bilen bagly bolup geçýän kanun bozmalaryň öňi alnar diýildi.

Ýöne Putiniň tabşyrygyna garamazdan, bu ugurda zerur çäreler berjaý edilmedi. Orsýetiň “Migrantlar federasiýasynyň” başlygy Muhammet Majumder Orsýetde ýaşaýan 10 milliondan gowrak migrantyň 90 göteriminiň ýurtda bikanun ýaşaýandygyny aýdýar.

Orsýetde kanuny ýaşaýan migrantlar hem özleriniň ekspluatasiýa edilýändiklerini aýdýarlar. 39 ýaşly özbek migranty Bek Tahirow 2004-nji ýylda Orsýete gelip, bir ammarda bikanun ýagdaýda işe başlapdyr. Ýöne ol soňlugy bilen kanun taýdan hasaba durupdyr we hatda ol Orsýetiň raýatlygyny almak üçin hem degişli edaralara ýüz tutupdyr: “Ýagdaý her ýyl öňküsinden kynlaşyp gidip otyr. Öňler iş tapmak aňsatdy. Işe durmak üçin hiç hili dokument talap etmeýärdiler. Ýöne bu günki gün işe durjak bolsaň, bir topar dokument doldurmaly bolýarsyň we käwagt şonda-da seni aldaýarlar. Hemme ýerde hilegärlik edýärler.”

Bu mesele ýurduň ýarasy bolup galýar we dartgynly etniki duşmançylyklar wagtyň geçmegi bilen has hem möwjeýär. Bu duşmançylyk diňe bir Orsýete daşary ýurtlardan işlemäge gelen adamlara garşy bolman, eýse köplenç ondan Orsýetiň öz raýatlary bolan demirgazyk kawkazlylar hem öz ýetdik paýlaryny alýarlar.

Iýul aýynda ýurduň günortasynda ýerleşýän Pugaçýow şäherinde bir adam pyçaklanyp öldürilensoň, bu jenaýaty Çeçenistanly bir ýaş oglanyň üstüne atdylar. Şonda ýerliler çeçenleriň ýaşaýan ýerlerine çozdular, bir kafeni otlap, ýoly ýapdylar we çeçenistanlylaryň ýurdy terk etmeklerini talap etdiler.

Awgust aýynda Moskwanyň bazarlarynyň birinde iki sany dagystanly söwdagär polisiýa işgärine hüjüm edensoň, häkimiýetler 1400 sany migrant işçini gabadylar we olaryň ýüzlerçesini yssy howada çadyrlarda tussag hökmünde sakladylar.

Birýulýowa

Iň soňky waka bolsa oktýabr aýynda Moskwanyň Birýulýowa raýonynda bolup geçdi. Şol wakada azerbaýjanly migrant işçiniň bir orsýetli adamy pyçaklap öldürendigi aýdyldy. Ýylyň dowamynda bolan iň aýlyganç gozgalaň hasaplanýan “Birýulýowa wakasynda” milletparaz orslar awtoulaglary agdaryp, aýnalary döwdüler we migrantlary gözläp, bakja önümleriniň bazasyny agdar-düňder etdiler.

Orsýetiň polisiýa işgärleri agzalýan wakada bir gün soň herekete geçdiler we ammarda işleýän 1200 sany migrant işçini gabadylar.

Orsýetde çekilýän şeýle jebir-jepalara garamazdan, köp sanly migrant işçiler ýurdy terk etmek islemeýär. 22 ýaşly täjigistanly migrant Mirzo Kurbanow bu barada şeýle diýýär: “Men, dogrymy aýtsam, bu meseläni nähilidir bir ýol bilen çözmek isleýärin. Täjigistanda-da ýagdaý şundan üýtgeşik däl, hatda ol ýerde mundanam beter. Hemme ýerde adalatsyzlyk we korrupsiýa höküm sürýär. Täjigistanda meniň näme işim bar? Ol ýerde iş ýok, halkyň hal-ýagdaýy has erbet”.
XS
SM
MD
LG