Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Pyýadalara duýduryş berildi


Köçeden geçmekçi bolýan aşgabatlylar
Köçeden geçmekçi bolýan aşgabatlylar
Paýtagtyň käbir köpçülikleýin ýerlerinde asylan duýduryşlardan çen tutulsa, indi Aşgabadyň uly ýollarynyň ugurlarynda ýörite pyýadalara niýetlenen geçelgelerden geçmedik adamlara jerime salnar.

Bu hili bildirişleriň biri paýtagtyň Parahat mikroraýonyndaky poçta bölüminiň biriniň gapysynda asylypdyr. Bildirişiň aşagynda Köpetdag etrap polisiýa bölüminiň ady bar.
Duýduryş (Bellik: Tekstde ençeme harp ýalňyşy bar)
Duýduryş (Bellik: Tekstde ençeme harp ýalňyşy bar)
Bildirişdäki maglumata görä, bu hili duýduryşy berjaý etmedik pyýadalara Türkmenistanyň administratiw kodeksiniň 127-nji maddasyna laýyklykda jerime salnar. Bu talaba boýun bolmadyk raýat 44 manat töweregi jerime bilen ýüzbe-ýüz bolar diýildigidir.

Jerime

Bildirişde salgylanylýan kodeks 1984-nji ýylda, sowet döwründe kabul edilip, şonda pyýadalaryň ýol hereketini düzgünleşdiriji signallara boýun egmedik ýa-da belgilenmedik, geçmesiz ýerlerde ýoluň ulag gatnawly böleginden geçmegine garşy hem dürli jezalar göz öňünde tutulýar.

Agzalýan kodeksde pyýadalaryň ýol hereketiniň düzgünlerini bozmagynyň awariýa ýagdaýynyň döremegine getiren halatynda şol raýata iň pes zähmet hakynyň 0,2 prosent möçberinden 0,5 prosent möçberine çenli, ýagny 88-220 manat aralygynda jerime salynjagy barada maglumat berilýär.

Bu kodeksiň durmuşa geçirilenine 29 ýyl bolan hem bolsa, bu hili hukuk bozma sebäpli jerime salnan pyýada hakda takyk maglumat tapyp bilmedim, ýagny umuman aýdylanda, agzalýan kodeksiň bu maddalary iş ýüzünde o diýen durmuşa geçirilmeýärdi.

Şeýlelikde, häzirki döwürde kanunyň bu maddalaryna gaýtadan üns çekilip, bu barada degişli duyduryşlaryň berilmegi täzelik. Muňa näme üçin edil häzirki pursatda üns berilýär diýen soraga bolsa takyk jogap ýok. Bu barada köpçülikleýin habar serişdelerinde hem maglumat berilmeýär.

Ýerasty geçelgeler

Şol bir wagtyň özünde-de soňky ýyllaryň dowamynda Aşgabatda ýerasty geçelgeleriň ençemesi guruldy. Emma, muňa garamazdan, bu geçelgelerden peýdalanýanlar bilen bir hatarda, ýollaryň geçilmesiz ýerlerinden geçýän pyýadalara hem gündelik durmuşda örän köp duş gelse bolýar.

Aşgabadyň ýerasty geçelgeleriniň biri
Aşgabadyň ýerasty geçelgeleriniň biri
Geçelgelerden peýdalanmaýan raýatlar bilen söhbetdeş bolanyňda, olar öz hereketleriniň sebäbini geçelgeleriň amatsyzlygy bilen düşündirýärler.

“Köçeleriň ýörite geçilýän ýerlerinden geçmek üçin ep-esli ýöremeli bolýar. Käbir köçelerde 500 metr käbirlerinde bolsa bir kilometrem ýöremeli bolaýýar. Şonuň üçin, geçmesiz ýerden geçmeli bolýar” diýip, paýtagtyň özüni Gurban diýip tanadan 60 ýaşlaryndaky ýaşaýjysy aýdýar.

Özüni Begmyrat diýip tanadan paýtagtyň beýleki bir ýaşaýjysy bolsa Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde şeýle diýdi: “Häzirki ýerasty geçelgelerem amatly däl. Ylaýta-da biz ýaly ýaşy bir çene ýeten adamlara basgançaklardan aşak düşüp, ýokary galmak kyn bolýar”.

Garaýyşlar

Emma girizilen bu düzgüni goldaýan paýtagtlylar hem bar. Özüni Kakamyrat diýip tanadan aşgabatly awtoulag sürüji olardan biri. Kakamyrat bu barada şeýle pikirde: “Pyýadalaryň ýoluň çem gelen ýerinden geçmegi köplenç halatda awariýa ýagdaýyny döredýär”.

Agzalan bildirişde bu düzgüniň pyýadalaryň jan saglygyny goramak maksady bilen girizilýändigi aýdylýar. Emma, niýet gowy hem bolsa, polisiýanyň bu duýgularyna şübheli garaýanlaram bar.

“Bu girizilen düzgün gowy niýet bilen girizilýän-de bolsa, ony öz bähbitleri üçin ulanjak gaişniklerem tapylar. Öň awtoulag sürüjilerden para alýan bolsalar, indi pyýadalardanam para alyp başlarlar” diýip, aşgabatly, 42 ýaşly Baýram Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Bu düzgüniň şu ýylyň ahyrynda güýjüni ýitirýän Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeks esasynda girizilýändigine garamazdan, ol indiki ýyl güýje girýän täze Administratiw kodeksde hem göz öňünde tutulypdyr.

1-nji ýanwardan güýje girýän täze administratiw kodeksde bu gadagançylyk 231-nji madda boýunça düzgünleşdirilip, salynjak jerimäniň möçberi hem birneme artdyrylar.
XS
SM
MD
LG