Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: “Musulman doganlygy” “terrorist”


Bir gyz Müsüriň baýdagyny saklap dur
Bir gyz Müsüriň baýdagyny saklap dur
Müsüriň premýer-ministri “Musulman doganlygyny” “terroristik” gurama diýip yglan etdi.

Bu habary sişenbe güni premýer-ministr Hazem Beglawiniň sözçüsi Kairiň demirgazygynda ýerleşýän Mansura şäherinde polis edarasynyň daşynda bir maşynda partlan bombadan sanlyja sagat soň jemgyýetçilige ýetirdi.

Binany çökeren partlamada 14 adam ölüp, ýüzden gowrak adamyň ýaralanandygy aýdylýar.

“Musulman doganlygy” bolsa, sişenbe güni bir beýannama çykaryp, özüniň bu hüjümi “mümkin bolan iň güýçli häsiýetde” ýazgarýandygyny aýtdy.

Premýer-ministriň sözçüsi hüjümiň jogapkärçiligini “Musulman doganlygynyň” üstüne atdy. Hüjümden bir gün öň “Ansar Beýt al-Makdis” diýilýän bir topar ýurduň dünýewi we harbylaryň goldawyndaky aralyk hökümetine boýun egýändigi üçin özüniň Müsüriň howpsyzlyk güýçlerini “kapyr” hasaplaýandygyny aýdypdy.

“Terroristik gara güýçler”

Müsüriň içeri işler ministri Mohammad Ibrahim sişenbe güni Mansurada bomba partlan ýeri baryp göreninden soň ýurduň telewideniýesine beren gürrüňinde “Musulman doganlygyna” salgylanyp, howpsuzlyk güýçleri Müsüriň durnuklylygyny depgilemek isleýän “terroristik gara güýçleri” suduň öňünde diker diýdi: “Edil düýn dört aktiwisti tutduk. Olar şular ýaly işleriň käbirini edendiklerini boýun aldylar. Biziň indi olaryň garşysyna çäre görýändigimizi bilýärler. Bu wakalaryň hemmesi halkyň ünsüni başga ýere sowup, [2014-nji ýylyň ýanwarynda ýurduň Baş kanuny boýunça geçiriljek] referendumdan öň adamlary gorkuzmak üçin edilýän synanyşyk. Emma men halky köşeşdirmek isleýärin, saýlaw merkezlerini ýaragly güýçleriň goldamagynda ýokary derejede goramak üçin düzülen plan bar. Inşallah, ol gün asuda geçer”.

Yslamçy prezident Mohammad Morsini goşun iýul aýynda häkimiýet başyndan aýraly bäri howpsuzlyk güýçlerine edilen ençeme hüjümde günälenen “Musulman doganlygy” boldy.

Mansurada bolsa ýerli ilat bu topara gahar-gazap bildirdi.

Mansuraly Şaimaa bombada “Musulman doganlygyny” aýyplap, bu topary ýurtda edýän zorlukly işlerini togtatmaga çagyrdy.

“Adam öldürmek, weýrançylyk, halkyň durmuşyny bozmak - bularyň ählisi Allanyň garşysyna gönükdirilýär. Bir taksiçiniň öldürilenine entek bir hepde-de bolanok. Hemmeler tukat, hiç kim ýatyp bilenok. Bize diňe howpsuzlyk gerek. Bu işler Allanyň garşysyna gönükdirilýär, bu yslam däl, bu adalat däl” diýip, Şaimaa öz pikirini beýan edýär.
XS
SM
MD
LG