Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tehnologiýa: “Ýeserje göwüslikler” oýlanyp tapyldy


Microsoft “Ýeserje göwüslikleri” hödürledi
Microsoft “Ýeserje göwüslikleri” hödürledi
Aýal-gyzlara degişli begençli habar. Alymlar aýal-gyzlar üçin täze tehnologiýanyň önümi boljak ýokary hilli içki eşikleri oýlap tapmagyň üstünde işleýärler. Gürrüň “smart býustgalterler”, ýagny ýeserje göwüslikler barada edilýär. Olary saglyk barlaglaryny has amatly amala aşyrmak üçin telefonlaryň dürli programmalary bilen birikdirip bolýar.

Siziň göwüsligiňiz size aşa semizlikden halas bolmagakömek edýärmi? Ol göwüsdäki rak keseli barada size öňünden habar berýärmi? Ýa-da size hüjüm etmäge hyýallanýan potensial howpa garşy çäre görýärmi?

Alymlar hut şol agzalýan problemalaryň hötdesinden gelmek üçin “ýeserje göwüslikleriň” üstünde işleýärler. Agzalýan göwüslikleri Twitter we GPS ulgamlaryna hem birikdirip bolýar.

Şol “ýeserje göwüsliklerden” biri täze tehnologiýanyň goşundy programmalaryny ulanýar. Bu programmalar göwüslik geýýän aýalyň saglyk ýagdaýyna gözegçilik edýär we “aşa köp iýmek meýliniň” öňüni almak üçin agzalýan programmalar smart, ýagny ýeserje telefonlaryň goşundy programmalaryna baglanýarlar.

Datçikler

Biziň gürrüňini edýän göwüsliklerimizde iki sany datçik bolup bu datçikler ýürek urşuny, gan aýlanyşyny we deride bolup geçýän hadysalary gözegçilikde saklaýarlar. Şeýle etmek bilen agzalýan datçikler adamlary aşa stres, aşa tolgunmak we gamgynlyk ýaly ýagdaýlardan habarly edýär. Bu adamyň “aşa köp iýmek hyjuwyny” öjükdirjek duýgulary gözegçilik astynda saklaýar diýmekdir. Döşe ýerleşdirilen elektroniki shemanyň üsti bilen göwüslik geýýän zenanyň saglyk ýagdaýy baradaky maglumatlar telefon programmasyna iberilýär. Şeýlelikde telefondaky goşundy programma zenana “az iý” diýip duýduryş berýär.

Birleşen Ştatlaryň öňdebaryjy “Microsoft” kompaniýasy Amerikanyň we Beýik Britaniýanyň alymlary bilen bileleşip, agzalýan taslamanyň üstünde işlediler. Alymlar bu taslamany amala aşyrmak üçin näme sebäpden bu göwüsligi ulanmagy maslahat bermegi makul bildilerkä? Golaýda çap edilen gazetleriň birinde bu soragyň jogaby şeýle düşündirilýär, ýagny göwüslikler bu taslamany amala aşyrmak üçin örän amatly içki geýim. Munuň sebäbi bolsa onuň ýüregiň töweregindäki elektrodiagramma signallaryna has ýakyndan gözegçilik etmäge mümkinçilik döretmegidir.

Britaniýanyň Soutampton uniwersitetiniň professory Şrafel Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna täze taslama barada şeýle gürrüň berýär: “Biziň esasy maksadymyz gündelik durmuşda geýilýän egin-eşiklerden iň oňaýlysyny saýlap almakdy. Şol bir wagtda, saýlanan eşik datçigiň üstüni ýapmaga-da mümkinçilik döretmelidi. Ýürek urşuna gözegçilik etmäge mümkinçilik döredýän we göwüslige çatylan datçik kemerleri indi oýlanyp tapyldy. Onsoň biz indi şuňa meňzeş başga zatlary hem öndürip bolarmyka diýen soraga jogap gözläp başladyk.”

Satuw

Eger şeýle göwüsligi satyn almak barada oýlanýan bolsaňyz, onda biraz sabyr ediň! Sebäbi “Microsoft” kompaniýasy datçikli eşikleri bu golaýda satuwa çykarmakçy däl. Kompaniýanyň metbugat wekili agzalýan göwüsligiň diňe synag maksady bilen öndürlendigini aýdýar.

Indi şuňa meňzeş beýleki bir oýlap tapyş barada gürrüňimizi dowam edeliň. Inženerlik ugrundan ýokary bilim alýan hindistanly üç talyp “içki eşige çatylýan” örän peýdaly bir enjamy oýlap tapdylar. Bu enjam ýurtda giňden ýaýran “aýal-gyzlara süýkenmek” keseliniň öňüni alar diýip umyt edilýär.

Soňky döwürde Hindistanda we beýleki käbir ýurtlarda giňden ýaýran “aýal-gyzlary zorlamak” ýaly kabul ederliksiz wagşyçylygyň köpelmegi bilen, hindistanly talyplar zorlukly jynsy gatnaşyklaryň öňüniň alynmagyna kömek etjek täze göwüslikleri oýlap tapdylar.

Haçan-da “zorlanmak” howpy ýüze çykanda, aýal-gyzlar öz geýýän göwüsligine çatylan elektroniki enjamy işledýärler we munuň netijesinde göwüslikdäki datçikler we elektroniki shemalar 82 urga barabar bolan togy geçirýär. Ynha bu bolsa häkimiýetleri ýa-da ejir çekýäniň maşgala agzalaryny GPS-iň üsti bilen howply wakadan habarly edýär.

Amerikanyň Birleşen ştatlaryndaky bir kompaniýa göwüsde dörän çişi öňünden habar berýän enjamy satuwa çykarmagyň bosagasynda. Newadada oýlanyp tapylan Reno atly “Ilkinji duýduryş ulgamynyň” bahasy 200 dollara barabar bolar diýip garaşylýar. Bu enjam göwüsde dörän çişiň täsiri esasynda ýylylygy üýtgän öýjükleri anyklaýar.

Gresiýanyň “Nestle Fitness” atly reklama agentligi hem göwüsde döreýän çişlere garşy hüşgär bolmaga çagyrýan “smart býustgalteri”, ýagny “ýeserje göwüslikleri” oýlap tapdy. Bu göwüslikler Twitter sosial ulgamyna baglanýar.

Göwüsligi çykarmak üçin onuň bagy gowşadylanda göwüslik awtomatiki usulda Twittere baglanýar we ulanyja: “Zenanlar, göwüsleriňizi barlatmagy ýatdan çykarmaň!” diýen haty ugradýar.

Gresiýaly tanymal kino ýyldyzy Maria Bakodimou özüniň oktýabr aýynda iki hepdeläp şol göwüsligi geýjekdigini aýtdy. Ol bu oýlap tapyşyň mazmuny barada şeýle diýýär: “Twittere baglanýan göwüslik – bu ulgama baglanyp bilýän ilkinji göwüslikdir. Her gezek men ony çykaranymda, ol awtomatiki usulda “twit” ugradýar we aýal-gyzlara barlagdan geçmegi ýatladýar. Biziň missiýamyz – durmuş ähmiýetli enjamy ile tanatmak.”
XS
SM
MD
LG