Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze Ýyl rezolýusiýasy


Täze ýyl arçasynyň ýanyndaky bir gyzjagaz
Täze ýyl arçasynyň ýanyndaky bir gyzjagaz
2013-nji ýyl tamamlanyp barýar. 2014-nji bolsa bosagada dur. Hormatly okyjylar, şu pursatda biz size ýüzlenip, geçip barýan ýyldan özüňizde galan täsirler, geljek ýyldan edilýän tamalar baradaky pikirleriňiz, umytlaryňyz bilen gyzyklanmagy makul bildik.

Ozaly bilen, tutuş bir ýyllap biziň websaýtymyzda çap edilýän makalalary okap, radiomyzy diňläp, seslenme-pikirleriňizi iberip, teswir ýazyp, sorag berip, şol bir wagtda tankydy bellikleriňizi aýdyp biziň işimize beren goldawyňyz üçin SAG BOLSUN AÝDÝARYS. Täze ýyl size hoşwagtlylyk, bagt we abadançylyk getirsin.

Indi bolsa, biz size şu soraglar bilen ýüzlenmek isleýäris:

Geçip barýan ýylda Türkmenistanyň durmuşynda esasy nähili özgerişlik boldy?

Siziňçe ýurtda syýasat özgerýärmi, ykdysadyýet ösýärmi? Medeniýet gülleýärmi?

Adamlar öňki ýyllardaka garanyňda has bagtlymy?

Şeýle-de 2013-nji ýyl siziň öz durmuşyňyzda, siziň ýakynlaryňyzyň, bütin halkyň durmuşynda nähili rol oýnady? Siz nähili gowy zatlary ýatlap biljek, sizi nähili gynandyran zatlar boldy?

Indi bolsa, 2014-nji ýyldaky umyt-arzuwlaryňyzy paýlaşmagyňyzy soraýarys. Bu ýyldan siz näme arzuw-tama edýärsiňiz?
XS
SM
MD
LG