Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MakFaul: Russiýa hyzmatdaşlygyny belledi


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Russiýadaky ilçisi Maýkel MakFaul 2014-nji ýylda ABŞ-Russiýa hyzmatdaşlygyndaky esasy öňürtilik Eýran, Siriýa we Owganystan bolar diýdi.

Sişenbe güni çap edilen “Kommersant” gazetindäki interwýusynda MakFaul hyzmatdaşlykda Eýranyň “esasy ýer eýeleýändigini” belläp geçdi.

Şeýle-de, ol prezident Wladimir Putin mart aýynda geçiriljek Ýadro howpsuzlygy baradaky sammite gatnaşsa, ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Putin bilen Gaagda duşuşyp biler diýdi.
XS
SM
MD
LG