Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

D.Koreýa: Uruş “duýdansyz” başlap biler


Demirgazyk Koreýanyň lideri urşuň “öňünden duýdurylman” başlamagynyň mümkindigini aýdyp, ýurduň harbylaryna öz taýýarlyklaryny güýçlendirmegi tabşyrdy. Kim Jong-Unuň bu sözleri Demirgazyk Koreýanyň döwlet metbugaty tarapyndan çarşenbe güni çap edildi.

Geçen aý Kim öz daýysy we öňki syýasy halypasy Jang Song-Thaekiň öldürilmegi barada buýruk berenden soň, Demirgazyk Koreýa režiminiň durnuklylygy barada aladalar döredi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýerleşýän analitik merkeziniň sişenbe güni beren maglumatyna görä, kosmosdan ýakynda düşürilen suratlarda “Ýonben” ýadro reaktorynda täze işleriň amala aşyrylandygynyň alamatlary göze ilýär.

“Ýonben” halkara ylalaşygynyň bir bölegi hökmünde ýurduň ýadro ýaraglaryny öndürmek baradaky mümkinçiligini çäklendirmek maksady bilen 2007-nji ýylda ýapylypdy. Demirgazyk Koreýa üç sany ýadro synagyny şowly geçirmegi başarypdy.
XS
SM
MD
LG