Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Ilçihana hüjüm edildi


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Owganystandaky ilçihanasy çarşenbe güni ir bilen ilçihananyň giňişligine buky ýerden zarba urlandygyny habar berýär. Ilçihananyň berýän maglumatyna görä, wakada hiç bir amerikaly ýaralanmandyr.

Kabul edilen düzgünlere laýyklykda, adyny efirde bermekden saklanan ilçihananyň resmisi “ABŞ-nyň ilçihanasynyň giňişligine iki tapgyr zarba uruldy” diýdi.

“Talyban” hereketi çarşenbe güni ABŞ-nyň ilçihanasyna dört raketany uçurandygyny we munuň netijesinde agyr ýitgileriň bolandygyny belledi. Söweşijiler köplenç halatda özleriniň öňe sürmelerini çişirýärler.

Bu aralykda, çarşenbe güni Kabulyň günortasynda ýoluň gyrasyna düşelen bombanyň partlamagy netijesinde owgan polisiýasynyň üç işgäri ýaralandy. Kabul şäher polisiýasynyň başlygy Mohammad Zahir bu partlama bilen baglanyşykly bir şübheliniň tussag edilendigini habar berýär.
XS
SM
MD
LG