Sepleriň elýeterliligi

Papa Krismas ybadatyny geçirdi


Rim Katolik Papasy Fransis Watikanda özüniň bu wezipedäki ilkinji Krismas, ýagny Watikana we tutuş dünýä niýetlenen "Urbi et Orbi" çykyşyna başlady. Ol öz çykyşynda Siriýadaky, Merkezi Afrikadaky we Günorta Sudandaky raýat urşunyň parahatçylykly tamamlanmagyna çagyryş etdi.

Rim Papasy Fransisiň bu çykyşyny diňlemek üçin müňlerçe syýahatçy we rimliler Keramatly Pýotr meýdançasyna üýşdüler.

Katolik kilisesiniň lideri hökmünde ilkinji Roždestwosyny belleýän Rim Katolik Papasy Fransis sişenbe güni Watikanda özüniň bu wezipedäki ilkinji Krismas ybadatyny geçirdi.

77 ýaşly asly argentinaly papa öz baýramçylyk çykyşynda katolikleri öz ýüreklerini açmaga we bir-birini doganlarça gowy görmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG