Sepleriň elýeterliligi

Hodorkowskiniň hökümi gözden geçiriler


Russiýanyň Ýokary sudy öňki nebit tütjary we Kremliniň tankytçysy Mihaýil Hodorkowskä garşy çykarylan hökümleriň ikisini hem gözden geçirmegi kabul etdi. Bu karar onuň azatlyga goýberilmeginiň we Russiýadan Germaniýa gitmeginiň yz ýany amala aşdy.

Russiýanyň iň baý adamy bolan Hodorkowskiniň günäsi geçen hepde prezident Wladimir Putin tarapyndan geçilipdi. Bu günä geçişlik onuň azatlyga goýberilmegine sekiz aý galanda bolup geçdi.

Hodorkowskiý 2003-nji ýylda tussag edilip, 2005-nji ýylda bidüzgünçilikde we salgyt galplyklarynda aýyplanyp türme tussaglygyna höküm edilipdi. Hodorkowskiniň we onuň kärdeşi Platon Lebedewiň türme tussaglygynyň tamamlanmagyna gysga wagt galanda, 2010-njy ýylda olara başga bir iş boýunça gaýtadan ýyl kesilipdi.
XS
SM
MD
LG