Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Humaý: "Ýurtda aýal-gyzlara hormat goýulýar"


Türkmen gyzlary

Türkmen gyzlary

Soňky döwürde aýal-gyzlara edilýän zorluklar bilen bagly elhenç habarlar çykdy. Olaryň biri Owganystana degişli. Bu ýerde türkmenleriň aglaba bolup ýaşaýan Jöwüzjan welaýatynda 27 ýaşly türkmen gelni Lälegül halynyň gölüni ýalňyş dokanlygy sebäpli, äri tarapyndan ýowuzlylyk bilen ýenjilýär.

Ýakynda bolsa Orsýetde ýaşaýan gyrgyz zenanyna öz ildeşleri tarapyndan sütem edilýändigi hakynda sosial ulgamlarda wideo ýazgy peýda boldy. Ol gyrgyz milletine ysnat getirmekde günälenip, urlup, ýenjilýän wagty yazga düşürilipdir.

Eýsem, türkmen jemgyýetinde aýal-gyzlara hormat-sylag meselesi nähili? Olaryň öz ýakynlary ýa-da başga erkekler tarapyndan urlup-ýenjilýän halatlary bolýarmy?

Täze Tolkun gepleşiginde bu soraglara dürli ýurtlarda ýaşaýan türkmen ýaşlary Eziz, Humaý we Arslan jogap berýär. Türkmen ýaşlary bilen geçirilen söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG