Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda doglan “Amerika”


Amerika Bibi

Amerika Bibi

Amerika bile tanyş boluň! Amerika Bibi atly bir puştun enesi bütin ömri öz kakasynyň “amerikan arzuwy” bolup ýaşady.

Tedi Bazar obasy Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýär. Ýurduň demirgazyk-günbatarynda ilat tire-taýpa bolup ýaşaýar. Amerika Bibi özüniň täsin ady bilen oba ýaşaýjylaryndan saýlanýar.

65 ýaşly pakistanly ene öz adynyň kakasy Ahtar Muniriň bitmedik arzuwynyň hormatyna dakylandygyny aýdýar.

Ahtar Muniriň arzuwy

Ahtar Munir Ikinji jahan urşy tamamlanansoň, bolelin durmuşy gözläp, obasyny terk edýär we Amerika göçýär. Ýöne onuň arzuwy amala aşmaýar.

Amerika Bibi bu barada şeýle gürrüň berýär: “Meniň kakam ýaş wagty Amerika gitmäge höwesli ekeni. Şonuň üçin ol Amerika diýip ýola çykýar we ilki Hindistana barýar. Ol ýerden hem Birleşen Ştatlara gitmek üçin gämä münýär. Meniň kakam mawy gözli, gelşikli adamdy ýöne ol sowatsyzdy. Ol gämide oturan wagty gazeti ters tutup okap oturan ekeni. Bu ýagdaý onuň tussag edilmegine getirýär. Ol Mumbaýa ugradylýar we şol ýerde ol ömrüniň üç ýylyny tussaglykda geçirýär.”

Munir türmeden boşansoň öz obasyna dolanýar we ol ýerde durmuş gurýar. Toý edenlerinden bir ýyl soň olaryň çagalary bolýar we Munir “başa barmadyk arzuwlarynyň hatyrasyna” öz gyzyna Amerika diýip at goýýar.

Amerika Bibi

Amerika Bibi çagalyk döwründe öz adyna buýsanardy. Sebäbi ol öz adynyň kakasynyň iň halaýan ýurdunyň adydygyny bilýän ekeni. Muňa garamazdan, oňa dakylan at käwagt düşünişmezliklere sebäp bolýardy.

Amerika Bibi çagalygyny gurply maşgalada geçirýär. Ol Haýber obasynda taýpa baştutanynyň öýünde önüp-ösýär. Şol döwürlerde gürrüňi edilýän obada asudalyk we parahatçylyk höküm sürýän ekeni.

Ýöne bu günki gün Pakistanyň tire-taýpa regionlarynda yslamçy goşunlar agdyklyk edýär. Yslamçylar regiondaky howpsuzlyk güýçlerine we mekdeplere yzygiderli hüjümleri amala aşyrýarlar.

Şol bir wagtyň özünde ýerli ýaşaýjylaryň Amerika bolan garaýyşlary-da birnäçe ýylyň dowamynda düýbünden üýtgedi. Käbir oba ýaşaýjylary Birleşen Ştatlaryň regiona edýän dron hüjümlerinden nalaýarlar. Ýöne her niçik hem bolsa, golaýdaky beýleki obalara edilýän dron hüjümleri bilen deňeşdireniňde, bu ýere kän bir hüjüm edilenok.

Amerika Bibiniň aýtmagyna görä, käwagt onuň agtyklary okuwdan gelip, onuň bilen “sene-mene” edýän ekenler. Muňa bolsa onuň iliňkä meňzemeýän ady sebäp bolýan ekeni.

“Olar maňa käwagt ‘näme üçin şonça adyň içinden saýlap, saňa şu ady dakypdyrlar’ diýip gaharlanýarlar.” Diýip, Amerika Bibi gürrüň berýär.

Adyny göterýan ýurt

Amerika Bibi adyny göterýän ýurdy barada köp zat bilmeýär. Onuňça, “Amerika - nirededir bir ýerlerdäki güýçli döwlet”.

“Adamlar maňa: ‘Sen edil Amerika ýaly güýçli diýýärler. Sebäbi men elmydama halkymyz üçin bir zatlary etmäge çytraşýaryn” diýip, Amerika Bibi gürrüň berýär we “Boş wagtlarymda radio diňlemegi halaýaryn” diýip, öz sözleriniň üstüni ýerirýär.

Ol hem edil öz kakasy ýaly sowatsyz, ýöne şonda-da onuň başy dik, ruhy belent.

Amerika Bibiniň ýüreginde kir-kimir ýok. Ol özüniň tutanýerliligi we gaýduwsyzlygy bilen tanalýar. Haýberli žurnalist Fazl Rabiniň pikirine görä, Amerika Bibi obanyň iň täsirli aktiwistlerinden biri.

“Ol obada ýollaryň bejerilmegi we obanyň elektrik togy bilen üpjün edilmegi üçin halky iş taşlaýşa çagyran adamlardan biri. Şeýle-de ol oba ilatyny gyzyklandyrýan meseleler barada ýerli häkimiýetler bilen duşuşýar” Diýip, žurnalist Fazl Rabi gürrüň berýär.

Amerika Bibi özüniň ýaşlykda bilim alyp bilmändigine gynanýar. Sebäbi onuň ýaşlyk döwründe golaý-goltumda gyzlar okar ýaly mekdep ýok ekeni.

Arzuw

“Bu günki gün men Pakistanda ähli gyzlaryň mekdebe gatnaýandygyny öz gözlerim bilen göresim gelýär” diýip, ol öz islegini aýan edýär.

Amerika Bibi öz kakasy hakda ýene-de şeýle gürrüň berýär: “Men bilimi kakamdan aldym. Ol örän dana adamdy. Kakam geçirilýän geňeşlere gatnaşyp, halkyň meselelerini çözmek ugrunda göreşerdi. Ol meniň üçin danalyk mekdebidi. Meniň häsiýetimiň kemala gelmeginde agamyň hem roly uly.”

Amerika Bibi özüniň Tedi Bazarda ýaşaýan aýal-gyzlaryň ýetip biljek iň ýokary belent sepgidine ýetendigini aýdýar. Onuň üç ogly, üç gyzy we köp sanly agtygy bar.

Ol özüne degişli öýde adamsy we uly oglunyň maşgalasy bilen bile ýaşaýar. Amerika Bibiniň uly ogly Ýar Muhammet oba mekdebinde mugallym bolup işleýär.

Amerika Bibi: “Men haçanam bolsa bir gün kakamyň gitmek islän ýurduna baryp görmegi arzuw edýärin. Ýöne, bilmedim-dä, men ol ýere gidip bilermikäm? Sebäbi meniň maddy ýagdaýym kän bir gowy däl we men sowatsyz” Diýýär.

Garry ene: “Amerika gelejekde agtyklarymdan biri gidip görse-de razy” diýip, umyt edýär.
XS
SM
MD
LG