Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýapon resmisi dawaly ýadygärlige bardy


Ýaponiýanyň premýer-ministri Tokiodaky dawaly uruş ýadygärligine bardy. Munuň netijesinde, Ýaponiýanyň goňşulary Hytaýyň we Günorta Koreýanyň nägileligi döredi.

Premýer-ministr Şinzo Abe uruşda ölenleriň, şol sanda II-nji jahan urşy döwründe uruş jenaýatlary üçin höküm edilen liderleriň hatyrasyna gurlan Ýasukini ýadygärligine bardy.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň resmisi Abeniň ýadygärlige barmagyny “hytaýlylar üçin düýbünden kabul ederliksiz” diýip häsiýetlendirdi.

Günorta Koreýanyň hökümetiniň metbugat wekili Seul “gynanjyny we gahar-gazabyny özünde saklap bilenok” diýdi.
XS
SM
MD
LG