Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Protestçiler ýoly böwetlediler


Pakistanyň “Tehrik-e-Insaf” (PTI) we “Jumat-e-Islami” (JI) partiýalarynyň ýüzlerçe agzasy NATO-nyň ýük ýollaryny böwetläp, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hüjümlerine garşy protest geçirdi. Bu protestler penşenbe güni Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Kwetta şäherinde bolup geçdi.

Demonstrantlar Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugyna beren maglumatynda protestlerini dowam etdirjekdiklerini we gürrüňi edilýän ýoly keminden penşenbe güni giçlige çenli ýapyk saklajakdyklaryny aýtdylar.

Şeýle-de, agzalýan partiýalaryň agzalary Haýber Puhtunhwa welaýatyndaky NATO-nyň ýük ýollaryny 23-nji noýabrdan bäri böwetleýärler.

“Tehrik-e-Insaf” (PTI) Pakistanyň kriket ýyldyzy Imran Han tarapyndan döredilen syýasy partiýadyr.
XS
SM
MD
LG