Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Partlamada alty adam öldi


Owganystanyň Pol-e Alam şäherindäki polisiýanyň barlag nokadynyň golaýynda tigire ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde azyndan alty adam öldi. Bu barada owgan resmileri habar berýärler.

Logar welaýat häkimliginiň metbugat wekili Din Muhammad Darwişiň aýtmagyna görä, gyzgalaňly territoriýada bolan partlamada 13 adam ýaralanypdyr.

Kabulda bolsa, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilçihanasy çarşenbe güni ilçihananyň giňişligine iki sany raketanyň zarba urandygyny we wakada hiç kimiň ýaralanmandygyny mälim etdi.

“Talyban” hereketi ilçihana dört raketa uçurandygyny öňe sürdi.

Şeýle-de, çarşenbe güni Kabulyň gündogarynda ýoluň gyrasyna düşelen bombanyň partlamagy netijesinde üç adam ýaralandy.
XS
SM
MD
LG