Sepleriň elýeterliligi

“Greenpeace” aktiwistleriniň aýyplamalary aýryldy


Russiýa “Greenpeace” guramasynyň aktiwistlerine garşy ýöňkelen jenaýat aýyplamalaryny resmi taýdan aýyrmagyň prosesini tamamlady. Bu aktiwistler Arktik deňzinde nebitiň burawlanmagyna garşy protest geçirenden soň, rus resmileri tarapyndan tussag edilipdiler.

Gürrüňi gidýän 30 aktiwistiň soňkusy, asly italiýaly Kristian D'Alessandronyň aýyplamalary penşenbe güni Kremliniň amnistiýasy esasynda aýryldy.

Russiýanyň aktiwistleri iki aý tussaglykda saklamagy Günbatar tarapyndan ýiti tankyt edildi.

Aktiwistler Russiýanyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan sentýabr aýynda tussag edilipdiler.
XS
SM
MD
LG