Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ýaşlary internetde näme barada gürleşýärler?


Adamyň elindäki smratfonyň arkasynda "Apple" kompaniýasynyň logotipi ýerleşdirilen surat
Adamyň elindäki smratfonyň arkasynda "Apple" kompaniýasynyň logotipi ýerleşdirilen surat
“Apple” kompaniýasynyň iPhone mobil telefonlaryny bilmeýän ýok bolsa gerek? Düýbi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýerleşýän hususy tehnologiýa kompaniýasy “Apple” ýakynda Hytaýda öz iPhone mobil telefonlarynyň önümçiligini ornaşdyryp başlaýandygyny yglan etdi.

“Apple” kompaniýasy Hytaýyň döwlet eýeçiligindäki “China Mobile” kärhanasy bilen köpýyllyk şertnama baglaşandygyny habar berýär.

Bu kompaniýa, 2014-nji ýylyň 17-nji ýanwaryndan başlap, öz “iPhone” mobil telefonlarynyň Hytaýyň dürli künjegindäki bazarlarda satuwa çykmagyna garaşylýandygyny mälim etdi. Ylalaşygyň netijesinde hytaý bazarynda iPhone mobil telefonlary “Lenovo”, “ZTE” we “Huawei” ýaly ýurduň smartfon öndüriji kompaniýalary bilen bäsleşer.

iPhone ýaly samrtfonlaryň durmuşymyza ornaşmagy bilen, türkmen ýaşlarynyň internetdäki hem-de sosial ulgamlardaky işjeňligi hem barha artýar. Olaryň käbirleri sosial ulgamlary, websahypalary döredýärler. Käbirleri bolsa sosial ulgamlardan işjeň peýdalanýarlar.

“Ertir.com”

“Ertir.com” şol sosial ulgamlardan biri bolup, onda türkmen ýaşlary günde, her sagatda täze temalary açýarlar we dürli meseleleri gozgaýarlar. Geçen hepde “Ertir.com” sosial ulgamynda agzalaryň arasynda gyzyklanma döreden temalaryň biri “Men gabanamok diýýänlere” atly temadyr. Bu tema sosial ulgamyň SoftwareProgrammer atly agzasy tarapyndan gozgalypdyr.

23-nji dekabrda agzalaryň dykgatyna hödürlenen bu tema 25-nji dekabra çenli jemi 640 sapar okalypdyr we oňa 39 sany hem teswir gelip gowşupdyr. Şeýle-de ol 33 sapar halanypdyr.

Temanyň mazmuny şeýle sözler bilen başlaýar: “Biziň jemgyýetimizde şeýle bir zat bar: söýýän erkek (oglan), söýýän aýal (gyz) gabanýar. Gabanmaýan bolsa, ol sizi söýenokdyr. Bu çyndanam şeýlemikä? Birini söýenimizde, ony başga birinden gabanýarys. Men gabanamok diýýänler, ýalan sözleýändir. Ýöne hemme zadyň öz çägi bardyr, hemme zadyň has köpi zyýanlydyr...” diýen garaýyşlar bilen dowam edýär.

Umuman, temada agzalara “Gabanmaýan erkek ýa-da aýal söýenokmy? Gabanjaňlygyň esasy sebäbi näme?” diýen soraglar berilýär. Bu temanyň aşagynda teswir galdyran Alonso atly agza “Gabanjaňlygyň bolan ýerinde ynamsyzlyk bolýar. Ynamsyzlygyň bolan ýerinde söýgi bolmaýar” diýen sözler bilen öz garaýyşlaryny beýan edipdir.

Isimsiz ady bilen öz gylyk-häsiýetini beýan eden beýleki bir agza bolsa “Özüm-ä gaty erbet gabanjaň (akrap ýyldyzy bolanym üçin bolmagam ahmal). Ýöne daşyma çykarman, asla. Ynam birinji ýerde duranlygy üçin” diýip, teswir galdyrypdyr.

Aýnurka atly agza bolsa: “Maşgalada köplenç bir tarap has gabanjaň bolýar” diýýär. Ol munuň sebäbini hem şeýle sözler bilen düşündirýär: “Emosional we özüne bolan ynamy pesräk tarap” diýip, gabanjaňlyk edýän şahsyýeti özüçe häsiýetlendirýär.

Twitter

Twitter sosial ulgamynda bolsa, ýaşlar 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girjek täze kanun, ýagny köpçülikleýin ýerlerde çilim çekenlere salynýan jerimäniň möçberiniň 100 manada ýetirilýändigi barada gürrüň gozgapdyrlar.

Bu sosial ulgamyň Hanym atly agzasy: “Täze kanun çykypdyr. 01.01.2014-den başlap çilim çekýän, nas atýan görseler, ştraf tölemeli edilipdir. #NarkoOtdel ýygnagyndan #täzelik :)” diýip, tweet ýazypdyr. Bu tweete Durdygylyç atly agza: “Meniñ pikirimçe, ol kanun şu wagtam bar. Sebäbi başymdan geçdi, geçen aýda tutuldym we jübimi “biabraý” edip gitdiler” diýip, jogap galdyrypdyr.

Ýatladyp geçsek, bu kanun öňdenem bardy, ýöne häzire çenli köpçülikleýin ýerlerinde çilim çekenlere salynýan jerimäniň möçberi 75 manada barabardy.
Durdygylyç atly agzanyň tweetine Hanym atly agza: “Nas barada şeýledi. Indi çilimem goşuldy...” diýip, jogap ýazypdyr. Şeýle-de bu gürrüňe Welmyrat, Jeýhun, Number 4 ýaly agzalar hem goşulypdyrlar.

“VKontakte”

“VKontakte” sosial ulgamynda bolsa “Siz Täze ýyly nähili garş almagy meýilleşdirýärsiňiz?” diýen pikir soralyşyk agzalaryň arasynda uly gyzyklanma döredipdir. Bu pikir soralyşyk “VKontakte” sosial ulgamynyň Turkmenistan Limited #1 atly topary tarapyndan 18-nji dekabrda gozgalypdyr. Pikir soralyşyk jemi 63 sapar halanyp, ýedi gezek hem gaýtadan çap edilipdir.

Pikir soralyşykda şeýle maddalar ýerleşdirilipdir: “Maşgalam bilen ümsüm we rahat garşy almagy meýilleşdirýärin”, “Dostlarym bilen garşy almagy meýilleşdirýärin”, “Hemişeki ýaly ýalňyz garşy almagy meýilleşdirýärin”, “Ir bilen ýatmagy meýilleşdirýärin”.

Bu pikir soralyşyga 18-nji dekabr bilen 24-nji dekabr aralygynda jemi 486 adam ses beripdir.
XS
SM
MD
LG