Sepleriň elýeterliligi

Hytaý Ýaponiýa nägilelik bildirdi


Hytaý Ýaponiýanyň Tokiodaky ilçisine öz nägileligini bildirdi. Ýaponiýanyň premýer-ministri Şindzo Abeniň dawaly ýadygärliklere sapar etmegi muňa sebäp boldy.

“Sinhua” resmi habar agentligi Hytaýyň daşary işler ministriniň sözünden sitata getirip, bu saparyň Ýaponiýanyň harby agressiýasynyň taryhyny dabaralandyrýandygyny belledi.

Yasukuni 2,5 million ýapon esgeriniň, şol sanda Ikinji jahan urşunyň jenaýatçylyklary üçin jezalandyrylan ençeme ýokary wezipeli resmileriň jaýlanan ýeri hasaplanýar.

Resmi protest

Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Kin Gang Hytaýyň hökümetiniň agzalan sapar bilen baglanyşykly berk protest bildirýändigini aýtdy.

Kin Gang Hytaýyň hökümetiniň Ýaponiýanyň liderlerini berk ýazgarýandygyny we olaryň Hytaýyň halkynyň we beýleki Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň duýgularyny depgileýändigini belledi we bu hereketiň taryhyň adalatlylygyna we ynsaba ters gelýändigini belledi.

Gang Ýaponiýany öz ýalňyşlyklaryny derhal düzetmäge we öz taryhyndaky agressiýany boýun almaga çagyrdy.

Şindzo Abeniň Yasukuni ýadygärligine eden bu sapary hökümet başyndaky premýer-ministriň 2006-njy ýyldan bäri bu ýere edýän ilkinji sapary boldy we Gündogar Hytaý deňzinde dawaly adalaryň üstünde dowam edýän dartgynlylygy hasam güýçlendirdi.

Dawaly adalar

Günorta Koreýanyň hökümetiniň metbugat wekili Yoo Jin-Ryong Şindzo Abeniň ýadygärliklere eden sapary bilen baglylykda Seulyň hem “gynanjyny we gahar-gazabyny” ýaşyryp bilmeýändigini mälim etdi. Günorta Koreýa Ikinji jahan urşunyň dowamynda Ýaponiýa tarapyndan basylyp alnypdy.

Hytaýyň, Ýaponiýanyň we Günorta Koreýanyň arasynda Gündogar Hytaý deňzinde ençeme territorial dawalar dowam edýär.

ABŞ-nyň Tokiodaky ilçihanasy resmi beýannama ýaýratdy we “Ýaponiýanyň ýolbaşçylarynyň Ýaponiýanyň goňşulary bilen gatnaşyklarda dartgynlylygy güýçlendiren hereketleri etmegi” bilen bagly gynanç bildirdi.
XS
SM
MD
LG