Sepleriň elýeterliligi

Liwan: Öňki ministr wepat boldy


Beýrutda bolan bomba partlamasynda Liwanyň öňki maliýe ministri Muhammad Şattah we ýene azyndan dört adam wepat boldy.

Habar berilişine görä, sünni musulman bolan Şattah Siriýaly oppozision topar bilen duşuşyga barýarka awtoulaga goýlan uly bomba partlapdyr.

Liwan goňşy Siriýada konfliktiň başlanmagyndan soň zorlugyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Noýabr aýynda Eýranyň Beýrutdaky ilçihanasynyň daşynda bolan iki sany bomba partlamasynyň netijesinde azyndan 23 adam, şol sanda bir diplomat heläk bolupdy, şeýle-de 100 adam ýaralanypdy.

Siriýadaky söweşler Liwanda dini toparlaryň arasyndaky dartgynlylygy güýçlendirdi.
XS
SM
MD
LG