Sepleriň elýeterliligi

Bişkek “ýol kartasyny” işläp düzmekçi


Gyrgyzystanyň premýer-ministriniň orunbasary öz ýurdunyň Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky Gümrük bileleşigine goşulmagy üçin ädilmeli ädimleri kesgitleýji “ýol kartasynyň” bahar aýlaryna çenli taýýar boljagyny aýtdy.

Şol bir wagtda-da, Joomart Otorbaýewiň anna güni Bişkekde žurnalistlere aýtmagyna görä, goşmaça işleriň Gyrgyzystanyň bileleşige agza bolmagyny azyndan bir ýyllyk yza tesdirmegi mümkin.

Otorbaýew Gyrgyzystanyň öz bazarlaryna we serhetlerine goldaw bermek üçin Gümrük bileleşiginden 200 million dollaryň berilmegine mätäçlik çekýär. Gyrgyzystanyň häkimiýetleri Gümrük bileleşigine goşulmak kararyny geçen ýylda yglan etdiler.

Şu aýyň başynda prezident Almazbek Atambaýew “ýol kartasynda” Gyrgyzystanyň bähbitleri nazar alynmadyk ýagdaýynda Gümrük bileleşigine goşulmajagyny duýdurdy.

2011-nji ýylda düýbi tutulan Gümrük bileleşigi Belarusy, Gazagystany we Orsýeti öz içine alýar.

Moskwa Gümrük bileleşiginiň 2015-nji ýyla çenli ýaýbaňlanyp Ýewraziýanyň Ykdysady Bileleşigine öwrüljekdigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG