Sepleriň elýeterliligi

Kiýew: Žurnaliste hüjüm derňelýär


Ukrainanyň polisiýasy 25-nji dekabrda oppozision aktiwist Tetýana Çernowolyň urulyp-ýenjilmegine sebäpkär bolmakda güman edilýän üçünji adamy tussag etdi.

Şeýle-de, häkimiýetleriň penşenbe güni aýtmagyna görä, olar bu iş bilen baglylykda parlamentiň üç agzasyny sorag edipdirler. Emma bu resmileriň atlary we olaryň işe gatnaşygy barada habar berilmedi.

Çarşenbe güni polisiýa güman edilýän iki adamy ele salypdy, emma olaryň hem atlary köpçülige mälim edilmedi.

34 ýaşly Çernowol awtoulagly barýarka hüjümçiler onuň ýoluny böwetläp, žurnalist zenany urup-ýenjipdirler. Çernowolyň beýnisi sarsyp burny döwlüpdir. Ol häzir Kiýewiň keselhanasynda saklanýar. Žurnaliste edilen bu hüjüm onuň ýurduň ýokary derejeli resmileriniň maliýe girdejileri barada makala çap etmeginiň yzýany bolupdyr.
XS
SM
MD
LG