Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Bişkek: Adam hukuklaryny goraýjylar talandy


Gyrgyzystanda adam hukuklaryny goraýjy ady belli guramanyň edarasy talandy.

“Bir dünýä-Gyrgyzystan” atly hökümete degişli bolmadyk guramanyň wekilleriniň anna güni aýtmagyna görä, ogrular edara gije girip, kompýuterleri, dokumentleri, wideo arhiwleri we ýene birnäçe gymmatly zatlary alyp gidipdirler.

Polisiýa derňew geçirýär. Gyrgyzystanly meşhur adam hukuklaryny goraýjy Tolekan Ismailowa tarapyndan esaslandyrylan bu gurama soňky wagtda Gyrgyzystanyň ýokary derejeli resmileriniň arasyndaky korrupsiýanyň üstüni açmak boýunça iş geçiripdi.
XS
SM
MD
LG