Sepleriň elýeterliligi

Taýlandda awtobus agdaryldy


Taýlandyň polisiýasynyň aýtmagyna görä, ýurduň demirgazyk-gündogar böleginde awtobusyň ýoldan çykyp, gapdaldaky çukura ýykylmagynyň netijesinde 29 adam wepat bolupdyr we dört adam ýaralanypdyr.

Resmiler bu heläkçilikli wakanyň penşenbe güni gije bolandygyny we sürüjiniň awtobusy sürüp barýarka uka gitmeginiň muňa sebäp bolandygyny habar berdiler.

Şaýatlaryň aýtmagyna görä, heläkçilige uçran awtobus ýokary tizlikde sürülipdir. Awtobusyň içinde 40 sany ýogaçy bolupdyr. Bu waka oktýabr aýynda buddist zyýaratçylaryny alyp baran awtobusyň agdarylan ýeriniň golaýynda ýüze çykdy. Şol wakada 20 adam wepat bolupdy.
XS
SM
MD
LG