Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: Çaknyşykda dört adam öldi


Müsürde polisiýanyň we “Musulman doganlygy” guramasynyň tarapdarlarynyň arasynda bolan çaknyşyklarda azyndan dört adamyň heläk bolandygy barada habar berildi.

Anna güni bolan bu zorluk ýurduň harbylary tarapyndan goldanýan hökümetiň “Musulman doganlygy” guramasyny terrorçy gurama, diýip resmi derejede atlandyrmagynyň yzýany ýüze çykdy. Şeýle-de, Saglyk ministrligi Kairde we ýene azyndan dört şäherde bolan çaknyşyklarda 87 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Müsüriň Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, 265 adam, şol sanda aýallar tussag edilipdir. Häkimiýetler “Musulman doganlygy” guramasyny sişenbe güni 16 adamyň ölümine sebäp bolan bomba partlamasynyň yzýany yglan etdi. Gurama bu hüjüme gatnaşygy ret etdi.
XS
SM
MD
LG