Sepleriň elýeterliligi

Eýran ABŞ bilen göni gepleşige çagyrdy


Eýranyň Baş lideri Ali Hameneýiniň daşary syýasat boýunça ýokary derejeli geňeşçisi Eýranyň ýadro programmasy boýunça ABŞ bilen göni gepleşik geçirmäge çagyryş etdi.

Prezidentlige dalaş eden Ali Akbar Welaýati Eýranyň döwlet telewideniýesi bilen söhbetdeşliginde 5+1 diýilip atlandyrylýan toparyň her bir agzasy bilen ýagny ABŞ, Orsýet, Fransiýa, Britaniýa, Hytaý we Germaniýa bilen bir-birden ýüzbe-ýüz duşuşyk geçirmegiň Yslam Respublikasy üçin bähbitli boljagyny belledi. Geçen aýda bu ýurtlar Eýran bilen onuň ýadro programmasy boýunça wagtlaýyn ylalaşyk barada gepleşik geçiripdi.

Eýranyň gepleşikleri geçirýän toparynyň agzasynyň şenbe güni yglan etmegine görä, 30-njy dekabrda Ženewada Eýranyň we dünýäniň iň täsirli alty döwletiniň arasynda ekspertler derejesinde gepleşikler dowam etdiriler.
XS
SM
MD
LG