Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Kosmonawtlar kosmosa çykdy


Orsýetli iki kosmonawt sekiz sagatdan gowrak wagtyny kosmosda geçirdiler. Bu wagtyň dowamynda olar Halkara kosmos stansiýasynyň daşynda kameralary berkitmek boýunça işleri geçirdiler.

Oleg Kotow we Sergeý Rýazanskiý ýeri surata düşürmek üçin ýokary derejeli kameralary berkitdiler, emma bu kameralar ýerde ýerleşýän stansiýalar bilen baglaşmansoň olary söküp barlamak üçin Kosmosdaky stansiýa alyp barmaly bolupdyr.

Kosmosa edilen bu çykyş bir hepdäniň dowamyndaky üçünji çykyş boldy. Geçen şenbe we sişenbe günlerinde ABŞ-nyň astronawtlary kosmosa çykyp, sandan çykan sowukladýan nasosy bejermek boýunça işleri geçiripdi.
XS
SM
MD
LG