Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede syýasy krizis dowam edýär


Türkiýede korrupsiýa garşy protest çykyşy, Stambul.
Türkiýede korrupsiýa garşy protest çykyşy, Stambul.
Türkiýäniň polisiýasy Stambul şäherinde protestçileri dargatmak üçin gözi ýaşardýan gazy, suw pürkýän gurallary we plastik oklary ulandy. Protestçiler korrupsiýa bilen bagly dawa bilen baglylykda premýer-ministr Rejep Taýyp Erdoganyň wezipesinden çekilmegini talap edýärler.

Polisiýa hökümete garşy protest geçirýän adamlary dargatmak üçin paýtagt Ankarada hem çäre gördi.

Protestler anna güni hökümetiň polisiýanyň geçirýän derňewleri barada ýokary derejeli resmilere hasabat bermegini talap edýän permanynyň güýje girmegi sud tarapyndan böwetlenensoň başlanypdy.

Tankytçylar ýokary derejeli resmileriň jenaýatçylyklary boýunça geçirilýän derňewlere pasgel bermäge synanyşmakda hökümeti aýypladylar.

Krizisiň güýçlenmegi bilen häkimiýet başyndaky “Adalat we ösüş” partiýasynyň agzasy bolan üç kanun çykaryjy, şol sanda Türkiýäniň öňki medeniýet ministri Ertugrul Gunaý wezipesinden çekilýändigini aýtdy.

Erdoganyň reaksiýasy

Şol bir wagtda-da, Erdogan özüne garşy öňe sürülýän aýyplamalary ret edýär we dörän ýagdaýy Türkiýäni durnuksyzlandyrmak boýunça daşary ýurtlardan edilýän tagallalaryň netijesi diýip atlandyrýar.

Erdogan anna güni Stambulyň aeroportunda regionlara sapara gitmeginiň öňüsyrasynda öz tarapdarlarynyň öňünde çykyş edip, suduň öz ygtyýarlyklarynyň çäginden çykýandygyny aýtdy.

Türk metbugatyna görä, korrupsiýa bilen bagly derňewler Eýrana bikanun pul geçirilmegine we gurluşyk proýektleri bilen bagly parahorluga degişli işleri öz içine alýar.

Şeýle-de, şu hepdede Türkiýäniň metbugaty prokurorlaryň Erdoganyň ogly Bilaly hem çagyryp, derňewler boýunça onuň “güman edilýän” şahs hökmünde görkezme bermegini sorandyklary barada habar berdi. Bu maglumatlaryň hakykata gabat gelip-gelmezligi tassyklanmady.

Krizis Türkiýäniň ykdysadyýetine zarba urdy. Anna güni ýurduň milli puly bolan lira amerikan dollaryna garanda rekord derejede pese gaçdy.

Türkiýedäki dawaly ýagdaý dekabr aýynyň ortalarynda polisiýa 24 adamy, şol sanda üç hökümet agzasynyň ogullaryny we döwlet bankynyň başlygyny tussag edenden soň döredi.

Dawa-jenjeli gowşatmak üçin Erdogan şu hepdede ministrler kabinetiniň 10 agzasyny çalyşdy.

Korrupsiýa bilen bagly jenjele ogullarynyň gatnaşygy bolan ykdysadyýet, içeri işler we tebigat ministrleri wezipelerinden çekildiler.

Hökümetden edilýän talap

Ankarada protest geçirýänleriň biri Nejati Feýizoglu “Reuters” agentligine şeýle diýdi: “Biz Türkiýäni bulaşyklykdan çykarmak isleýäris. Biz öz hukuklarymyzyň berjaý edilmegini isleýäris. Biz demokratiýany isleýäris”.

Ýene bir protestçi Haluk Solak şeýle diýdi: “Men Türkiýäni talamagy bes ediň diýmek üçin bu ýere geldim. Men parahorlugy ýazgarmak we hökümetiň çekilmegini talap etmek üçin bu ýere geldim”.

Ýewropa Bileleşigi Erdoganyň administrasiýasyny korrupsiýa bilen bagly aýyplamalara “aýdyň we bitarap ýoldan” çemeleşmäge çagyrdy. Türkiýe Ýewropa Bileleşigine agza bolmaga çalyşýar.

Ýewropa Bileleşiginiň ýaýbaňlanmak boýunça komissary Stefan Fuele Türkiýädäki ýagdaýlar bilen bagly “aladalanmalaryň güýçlenýändigini” aýtdy.

Tankytçylar iýun aýynda ýurtda hökümete garşy geçirilen çykyşlarda protestçilere garşy güýç görkezilenden soň 11 ýyl bäri häkimiýet başynda galýan Erdoganyň halk içindäki abraýynyň pese gaçandygyny aýdýarlar.

Erdoganyň ýolbaşçylygynda Türkiýe belli bir ykdysady ösüşi gazanan hem bolsa, onuň awtoritar dolandyryşy, häkimiýet başyndaky “Adalat we ösüş” partiýasynyň bolsa konserwatiw yslam gymmatlyklaryny ornaşdyrmaga eden synanyşyklary garşydaşlary tarapyndan berk tankyt edilipdi.
XS
SM
MD
LG