Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: Dil boýunça geňeş döredildi


Türkmenistanda daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça koordinasion geňeş döredildi.

Türkmen habar beriş serişdelerine görä, Ylymlar Akademiýasynyň, ýokary okuw jaýlarynyň we ähli welaýatlaryň bilimi dolandyrýan edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyndaky bu täze geňeş Türkmenistanda dil boýunça bilim bermegiň düzgünnamasyny we ony durmuşa geçirmek çäreleriniň planlaryny işläp düzmeli.

Geňeşiň öňünde goýlan baş maksatlaryň arasynda 2014-nji ýylyň aprel aýyna çenli ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin “iňlis diliniň gepleşik kurslary üçin okuw programmasyny işläp dümek we 2017-nji ýylda boljak Aziýa oýunlarynda işlemek üçin meýletin terjimeçileri taýýarlamak işi agzalýar.
XS
SM
MD
LG