Sepleriň elýeterliligi

Moskwadan täjik raýatynyň ölümini derňemek talap edildi


Täjik resmileri Orsýetden Moskwada öldürilen täjigistanlynyň ölümine sebäpkärleri tapmagy we jezalandyrmagy talap etdiler.

Täjigistanyň Orsýetdäki ilçihanasynyň metbugat wekili Muhammad Egamzodyň şenbe güni aýtmagyna görä, täjik diplomatlary 26-njy dekabrda 32 ýaşly Şohjon Rahmatşoýewiň öldürilmegine çüňňür aladalanma bildirýärler.

Rahmatşoýew ýaşan öýüniň golaýynda 25 gezek pyçaklanypdyr we onuň kellesi kesilipdir. Hüjümçiler puly we beýleki zatlary almandyrlar.
XS
SM
MD
LG